Türkmenistanda Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi düzüldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi düzüldi
“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny geçen ýylyň 16-njy noýabrynda güýje girdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, işiň bu görnüşini amala aşyrmagyň düzgünleri, kadalary we şertleri kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň barşynda döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň döwlet emlägini ulanmagyň netijeliligini we onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlary çekmäge, döwlet emlägini dolandyrmak işini kämilleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny geçen ýylyň 16-njy noýabrynda güýje girdi.

2022