Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär
“Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglary, Aşgabat, Türkmenistan

Deslapky bahasy 90 million ABŞ dollary bolan “Toyota” kompaniýasynyň awtoulag tehnikalaryny, şeýle-de “Komatsu” kompaniýasynyň bahasy 470 million ABŞ dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygyň durmuşa geçirilýändigi barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň sişenbe güni Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyň dowamynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Bu duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýa iş saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşyga Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanda nebit we dökün önümlerini öndürýän desgalaryň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna garadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022