Hazar deňziniň gündogar tarapyndan Türkmenistanyň üsti bilen Eýranyň we Russiaýanyň elektrik torlarynyň birikdirilmegi ugrunda işler alnyp barylýar. Bu barada ýekşenbe güni IRNA agentligi Eýranyň Energetika ministriniň halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi Mohammad Ali Farahnakýanyň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Mohammad Ali Farahnakýan ýurduň milli energiýa ulgamyny Türkmenistandan geçýän elektrik geçiriji ugry boýunça Russiýa we ŞHG-nyň beýleki ýurtlaryna birikdirmek üçin işler alnyp barylýandygyny belledi.
Eýranyň we GDA ýurtlarynyň elektrik torlaryny birikdirmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Farahnakýan bu maksada ýetmek üçin Eýrandan Türkmenistana üçünji elektrik geçirijini gurmagyň zerurdygyny belledi.
Häzirki wagtda Eýran özüniň milli energiýa ulgamyny ŞHG-a agza ýurtlaryň torlaryna Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen birikdirmek üçin geňeşmeler geçirýär.
Mohammad Ali Farahnakýanyň aýtmagyna görä, Eýranyň milli elektrik toruny Hazar deňziniň gündogar tarapyndan ŞHG-a agza ýurtlary bilen birleşdirmek meýilnamasy Hazar ykdysady forumynyň çäginde teklip edildi.
II Hazar ykdysady forumy şu aý Moskwada geçirildi.