Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary ýekşenbe güni Tähranda iki gün dowam eden üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler derejesindäki maslahatda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem bu maslahata Russiýanyň we Azerbaýjanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň habaryna görä, taraplar milli we sebitleýin ykdysady ösüşi we söwdany giňeltmek üçin halkara üstaşyr hem-de ulag ulgamynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda birnäçe ylalaşyk baglaşdylar.
Bu gazanylan ylalaşyklar ýurtlar arasynda üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini 20 million tonna ýetirmekden, ministrleriň orunbasarlaryndan ybarat bolan gözegçilik komitetini döretmekden, sürüjiler üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmekden, degişli üstaşyr çykdajylary azaltmakdan şeýle hem geçiş rugsadyny aýyrmak meselesine garamakdan we demir ýol wagonlary üçin bilelikde nyrhnamalary kesgitlemekden ybaratdyr.
Şeýle-de duşuşygyň çäginde taraplar ulag ulgamynda bilelikdäki hereketleri maslahatlaşmak üçin birnäçe ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.