Awiasiýa hyzmatlary bazarynyň iki esse ösmegine garaşylýar

Nurmyrat Mommaýew
Awiasiýa hyzmatlary bazarynyň iki esse ösmegine garaşylýar
“Airbus” kompaniýasynyň bilermenleri soňky nesil uçarlaryň 2041-nji ýyla çenli dünýädaki uçar flotlarynyň 95%-ni emele getrijekdigini çaklaýarlar.

“Airbus” kompaniýasynyň hünärmenleri awiasiýa hyzmatlary bazarynyň 2023-nji ýylda pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geljekdigini we ýakyn 20 ýylda iki esse ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Häzirki wagtda bu bazaryň gymmaty 95 milliard ABŞ dollary bolup, bilermenler onuň 2041-nji ýylda 230 milliard ABŞ dollaryndan hem geçip biljekdigini belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, awiasiýa hyzmatlary bazarynda işleýänleriň sanynyň ýene iki million artmagyna garaşylýar.

Awiasiýa pudagy pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmelerden iň köp täsirlenen pudaklaryň biri boldy. Şeýle-de bolsa, awiasiýa pudagy soňky aýlarda kem-kemden dikelýär. “Airbus” kompaniýasy tarapyndan neşir edilen 20 ýyllyk bazar çaklamalary boýunça hasabat (“Airbus Global Services Forecast 2022-2041”) hem muny tassyklaýar.

Hasabatda bellenişli ýaly, 2022-nji ýylda bu pudakdaky çykdajylar 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21% ýokarlanyp, 95 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Awiasiýa hyzmatlary bazarynyň möhüm bolan tehniki hyzmatlar we okuw zerurlyklary bilen bagly meseleleriň çözülmeginden soň, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelmegine garaşylýar.

Pandemiýadan soňky döwürde awiasiýa pudagynda dürli iş ugurlary üçin işgär ýetmezçilkleri ýüze çykdy. Mysal üçin, abatlaýyş we awiýasiýa pudagyndaky ýerüsti hyzmatlarda täze iş mümkinçilikleri döreýär.

Gysgaça aýdylanda, “Airbus”-yň täze hasabaty awiasiýa pudagynyň ösmegini dowam etdirjekdigini görkezýär. Hasabata görä, global howa gatnawlary 2041-nji ýyla çenli ýyllyk 3,7% ösüş depgini bilen iki esse artar we daşalýan ýolagçylaryň sany 9 milliarddan geçer. Şeýlelikde, awiasiýa pudagynda gerek bolan hünärmenleriň sany hem şol mukdarda ýokarlanar.

“Airbus” kopaniýasynyň Programmalar we hyzmatlar bölüminiň müdiri Filip Mhunyň aýtmagyna görä, 2041-nji ýyla çenli uçarmanlaryň, şeýle hem uçar kabinasy we hyzmat ediş işgärleriniň sany ýene iki milliona çenli ýokarlanar. Netijede, awiasiýa pudagynyň ösmegi bilen 585,000 uçarmana, 875,000 uçar kabina işgärine we 640,000 tehniki hyzmat hünärmenine täze iş orunlary dörär.

Bilermenlere görä, soňky nesil uçarlaryň giňden ýaýramagy bilen bir hatarda täze hünärlere we iş orunlaryna bolan zerulyklar has-da artar. “Airbus” kompaniýasynyň bilermenleri soňky nesil uçarlaryň 2041-nji ýyla çenli dünýädaki uçar flotlarynyň 95%-ni emele getrijekdigini çaklaýarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022