ABŞ kompaniýalary türkmen bazarynda hyzmatdaş gözleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ kompaniýalary türkmen bazarynda hyzmatdaş gözleýär
Erik Stýuart iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

ABŞ-ly kompaniýalar türkmen bazarynda hyzmatdaş gözleýär. Bu barada "Trend" agentligi “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň aýdanlaryna salgylanyp, penşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistanda öz işewürligini ösdürmek isleýän köp iri ABŞ-ly kompaniýalar bardyr. Şeýle hem türkmen işewür toparlary ABŞ-nyň önümlerine we tehnologiýalaryna ýokary baha berýärler” diýip, Erik Stýuart “Trend" agentligine gürrüň berdi.

Şeýle hem ol ABŞ-ly kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň iş sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy.

“Covid-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan bütin dünýä syýahat çäklendirmeleri sebäpli ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk haýallady. Emma häzirki wagtda pandemiýa meselesi peseldi we ABŞ-ly kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana iş sapary şu ýyl meýilleşdirilýär” diýip, Erik Stýuart belledi.

Erik Stýuart bu iş saparyň dowamynda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň oba hojalyk, energetika, maliýe, howpsuzlyk, syýahatçylyk we önümçilik pudagynda uly gyzyklanma bildirilmegine garaşylýandygyny belläp geçdi.

Mundan başga-da, Erik Stýuart iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň sanly ulgam arkaly oktýabr aýynyň başynda geçirilen duşuşygyň dowamynda şu ýylyň ahyryna ABŞ-nyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny gurnamak barada pikir alyşyldy.

2022