ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder

BIZNES TURKMENISTAN
ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder
Türkmen tarapy Türkmenistan hökümetiniň ABŞ-nyň işewürlik düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini aýtdy.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň sanly ulgam arkaly çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda şu ýylyň ahyryna ABŞ-nyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny gurnamak barada pikir alyşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşydylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatyda habar berilýär.

Duşuşyga türkmen hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistan-ABŞ işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow we ABŞ-nyň “John Deere”, “Case New Holland”, “Boeing”, “Exxon Mobil”, “General Electric”, “Coca Cola”, “Zeppelin”, “Westport Trading Ltd.”, “Caterpillar”, “Oxbow” we “Visa” ýaly iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini nygtap, maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag we logistika we tehnologiýa ugurlaryna aýratyn orun berdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistan hökümetiniň ABŞ-nyň işewürlik düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylary yzygiderli netijeli gepleşikleriň tejribesini kanagatlanma bilen belläp, ýakyn geljekde hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinde we ugurlarynda teklipleri hödürlemek boýunça başlangyçlary öňe sürdiler.

Işewürlik geňeşiniň duşuşygynyň çäginde taraplaryň arasynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly birnäçe maslahatlar geçirildi.

2022