Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleri energetika pudagy boýunça gepleşik geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleri energetika pudagy boýunça gepleşik geçirdiler
Taraplar özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny we bilelikdäki amala aşyrylýan işleriň depginini ösdürmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Gruziýanyň nebit we gaz korporasiýasynyň (GOGC) Baş direktory Georgiý Çikowani we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) Başlygy Ýusup Amansaryýewiň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti Tbilisi şäherinde ýerleşýän GOGC-nyň merkezi edarasynda anna güni geçirilen duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylaryndan we “Türkmengaz” döwlet konserniniň, döwlet edaralarynyň hem-de işewür pudagynyň wekillerinden ybarat boldy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Muratow gatnaşdy. Bu barada GOGC-nyň metbutag beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Gruziýanyň energetika pudagynyň mümkinçiligi we bu ýurduň sebitdäki üstaşyr geçirmek ukuby bilen tanyşdylar.

Şeýle hem taraplar türkmen nebit önümleriniň üstaşyr daşalmagynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň göwrümini ýokarlandyrmak, şeýle-de türkmen nebit önümleriniň importy, olary gaýtadan işlemek hem-de saklamak bilen baglanyşykly infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Georgiý Çikowani türkmen wekiliýetini GOGC-nyň iş ugurlary we meýilleşdirilýän çäreleri bilen tanyşdyrdy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekili tebigy gazyň we onuň önümleriniň söwdasy boýunça iki ýurduň arasynda başlanan üstünlikli işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny we bilelikdäki amala aşyrylýan işleriň depginini ösdürmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Gruziýanyň nebit we gaz korporasiýasy (GOGC) “Türkmengaz” döwlet konserni bilen oktýabr aýynda türkmen tebigy gazyny we nebitini Gruziýa ibermek boýunça deslapky şertnama baglaşdy.

2022