Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna çagyryldy
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen rus-türkmen uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ony sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hazar sebit ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa dostlukly saparynyň çäginde geçirildi.

Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna geljek ýyl Bakuda Hazar sebit ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçiriljek ýygnagyň çäginde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşmagy teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň we Azerbaýjanly kärdeşleriniň teklibini goldaýandygyny belläp, iş ölçeglerini we kanunçylyk esaslaryny kesgitlemelidigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda rus diline uly üns berilýändigini belläp, geljek ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen rus-türkmen uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine dostlukly sapary sişenbe güni başlady.

2022