Türkmenistanda awtoulag sürüjileri üçin birnäçe serhet nokatlary açylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda awtoulag sürüjileri üçin birnäçe serhet nokatlary açylýar
Türkmenistanyň Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden, şeýle hem Türkmenbaşy deňiz portundan getnawlara rugsat berildi.

Şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen ýurdumyzyň çägine gelmekleri, gitmekleri hem-de üstaşyr geçmekleri üçin Türkmenistanyň birnäçe gözegçilik-geçiriş nokatlary açylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjilerine Türkmenistanyň Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portundan gelmeklik, gitmeklik we üstaşyr geçmeklik rugsat berilýär.

COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda girizilen çäreler sebäpli bu serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda syýahat çäklendirilipdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen we daşary ýurt ýük awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çägine birnäçe gözegçilik-geçiriş nokatlaryndan gelmek we gitmek, şeýle hem üstaşyr geçmek rugsat berildi.

2022