FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýedi aýlap yzygiderli peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýedi aýlap yzygiderli peseldi
Oktýabr aýynda galla önümleriniň dünýädäki bahasy 3%, şol sanda bugdaýyň bahasy 3,2% gymmatlady.

Azyk önümleriniň global bahalary oktýabrda ýedinji aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 135,9 bala ýetip, sentýabr aýyndaky derejesinden ep-esli peseldi. Indeks 2022-nji ýylyň mart aýynyň iň ýokary derejesi bilen deňeşdirilende 14,9% pese gaçdy, emma 2021-nji ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende bolsa 2 % ýokarlandy.

Galla önümlerinden başga ähli iýmit toparlarynyň bahasy arzanlady. Oktýabr aýynda galla önümleriniň dünýädäki bahasy 3%, şol sanda bugdaýyň bahasy 3,2% gymmatlady. Muňa esasan-da, Gara deňiz sebitinden eksport bilen baglanyşykly näbellilikler we ABŞ-nyň önümçiliginiň peselmegi sebäp boldy. Şeýle-de tüwüniň dünýädäki bahasy 1% artdy.

Ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň indeksi oktýabr aýynda 1,6% arzanlady. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden 20%-e golaý pesdir. Şeýle hem süýdüň bahasy 1,7%, etiň bahasy 1,4%, şekeriň bahasy bolsa 0,6% peseldi.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-nji ýylda 2 milliard 764 million tonna ýetmegine garaşýar. Bu bolsa 2021-nji ýyldaky çaklanylan önümçilik möçberinden 1,8% pesdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022