Türkmenistanda birnäçe ulag-infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda birnäçe ulag-infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, Serhetabat - Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam etdirilýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşyklary dowam etdirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Mämmethan Çakyýew şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatynda elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň we Serhetabat - Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Şeýle hem Baş direktor hasabatyň dowamynda logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutup, daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen üstaşyr ulag hem-de logistika meseleleri boýunça iş toparlarynyň döredilendigini we olaryň çäklerinde duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi we ulag toplumyny ösdürmek wezipeleriniň geljekde-de ýurdyň syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022