Baýramçylyk günlerinde harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak tabşyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýramçylyk günlerinde harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak tabşyryldy
Döwlet Baştutanymyz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, olaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Degişli görkezmeler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewe gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada beren hasabatynyň dowamynda berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň arassa pagtadan hem-de ýüpekden dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge hem-de möçberini durnukly artdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, wise-premýere bu pudagyň kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, taýýar önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2022-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022