Ýanwar-oktýabr: “Lebap” sement zawody 831 müň tonnadan gowrak sement öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: “Lebap” sement zawody 831 müň tonnadan gowrak sement öndürdi
Lebap welaýatyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän bu kärhana häzirki wagtda doly kuwwatynda işledilýär we ýylda 1 million tonna sement öndürýär.

“Lebap” sement zawody 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 831 müň 636 tonna sement öndürdi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän bu kärhana häzirki wagtda doly kuwwatynda işledilýär we ýylda 1 million tonna sement öndürýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Sementiň önümçiligi üçin ähli zerur çig mallar – hek daşy, palçyk, gips, kwars gumy zawodyň golaýyndaky kän hojalygyndan gazylyp alynýar.

“Lebap” sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berildi. Zawodyň önümleri içerki we halkara bazarlarda satylýar.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy 2020-nji ýylda başlandy. “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti bu taslamanyň gurluşygyny alyp barýar.

2022