Aşgabadyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy ulanylmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy ulanylmaga berildi
Sil we ýagyn suwlary akaba ulgamynyň üsti bilen bar bolan suw sorujy akabalara guýulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýe boljakdygyny nygtap, özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan bu döwrebap desgalar toplumynyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza netijeli hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda şertnama baglaşyldy. Bu toplumyň umumy uzynlygy 49 kilometre barabar bolup, ol suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri, 9 sany sil suwuny toplaýjy howdanlary we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar.

Habarda bellenilişi ýaly, sil we ýagyn suwlary akaba ulgamynyň üsti bilen bar bolan suw sorujy akabalara guýulýar. Soňra bolsa “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suw goruna baryp guýýar.

“Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy Russiýanyň “Sewkawgiprowodhoz” hem-de Türkmenistanyň “Türkmensuwylmytaslama” taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir” diýip, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Igor Bukato öz çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem bu desgalar toplumynyň açylyş dabarasynda “Selewaýa assosiasiýa” sebitara jemgyýetçilik guramasynyň sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň özboluşly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň bu desgalar toplumynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamalary, Standartlaşdyrma boýunça halkara guramanyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamasy gowşuruldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022