Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdyşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlady. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlardaky işjeň hyzmatdyşlygyň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp, bar bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça birnäçe ylalaşyklara geldiler.
Şeýle-de duşuşygyň barşynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary boýunça mundan beýläk hem netijeli özara gatnaşygyň wajypdygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň ykdysady ugurlarynyň arasyna söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, hem-de iki ýurduň çäklerinde ykdysady ugurlaryň deň mümkinçilikleriniň, kepillikleriniň üpjün edilmegine we bäsleşik üçin şertleriň döredilmegine ýardam berilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, maýa goýum boýunça hyzmatdaşlyk, energetika we suw serişdelerinde, ulag, senagat , oba hojalyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.