BMG: Dünýäniň ilaty 8 milliarda ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG: Dünýäniň ilaty 8 milliarda ýetdi
Diňe 12 ýylda dünýäniň ilatyna 1 milliard adam goşuldy.

Dünýäniň ilaty sişenbe güni 8 milliarda ýeter diýip, BMG-nyň resmi metbugaty habar berýär.

BMG-nyň metbugat beýanatyna görä, 12 ýylda dünýäniň ilatyna 1 milliard adam goşuldy.

Şeýle ýokary ösüş ilatyň saglygynyň, iýmitlenişiniň, şahsy arassaçylygynyň we dünýäde lukmançylygyň gowulaşmagy sebäpli adam ömrüniň uzamagy bilen baglanyşyklydyr. Habarda bellenilişi ýaly, BMG-nyň maglumatlaryna görä, dünýäde ilat sanynyň köpelmegi käbir ýurtlarda çaga dogluşynyň ýokary bolmagynyň netijesidir.

Esasan hem Aziýadaky orta girdeýjili ýurtlar soňky on ýyldaky ilat ösüşiniň agramly bölegini emele getirdi. Bu ýurtlaryň ilat sanlaryna 2011-nji ýyldan bäri ýene 700 million adam goşuldy. Soňky on ýylda Hindistanyň ilaty takmynan 180 million köpelip, indiki ýyl iň köp ilatly ýurt hökmünde Hytaýdan öňe geçer.

Soňky birnäçe on ýyllygyň dowamynda dünýä ilaty ýokary derejede össe-de, bu asyrda onuň ösüş depgini peseler. BMG-nyň çaklamalaryna görä, dünýä ilaty 2080-nji ýyllarda 10,4 milliard adama ýeter we 2100-nji ýyla çenli şol derejede galar.

Dünýä ilatynyň iň ýokary derejesine ýetmezinden ozal, 2,4 milliard adamyň esasy bölegi Sahara çölüniň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlarynda dünýä iner.

2022