Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçiriljek Halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçiriljek Halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşar
Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň we Sankt-Peterburgyň hökümetiniň ýardam bermegi bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň hünärmenleri we wekilleri 29-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda  Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Halkara ulag forumyna we TRANSTEC sergisine gatnaşarlar diýip, Halkara ulag forumyn resmi web sahypasy habar berýär.

Halkara ulag forumy1994-nji ýyldan bäri geçirilip, bu forum Russiýanyň häkimiýetlerini, ulag bazaryna gatnaşyjylary, ulag gurluşygynyň potratçylaryny we üpjün edijilerini, hünärmenleri we bilermenleri, maýadarlary we maliýe guramalaryny Russiýada ulag geçelgelerini ösdürmegiň strategiki meýilnamalaryny we olaryň  halkara logistika ugurlaryna goşulmagy bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemleýär.

Sankt-Peterburgda geçiriljek foruma Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň we Özbegistanyň wekiliýetleri hem gatnaşar.

Forumyň dowamynda “Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgelerinde logistika toruny ösdürmäge maýa goýum çözgütleri” atly mejlisi öz içine alýan ondan gowrak mejlis geçiriler.

Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň we Sankt-Peterburgyň hökümetiniň ýardam bermegi bilen geçirilýär.

2022