Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty şu aý Aşgabatda geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty şu aý Aşgabatda geçiriler
Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahaty 29-30-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda bu çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, bu çärä agajy, plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar.

Şeýle hem forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu çäreleri geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022