Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda Abu-Dabi şäherinde duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda bilelikdäki bankyň döredilmegi ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE-ne iki günlük resmi saparynyň çäginde geçirildi.
BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilelikdäki banky döretmegi we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň teklibini goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.
Şeýle-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň maýa goýum ulgamyndaky özara täsirini belläp, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika, maliýe ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýum hem-de karz serişdelerini çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-ne resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistan - BAE işewürlik maslahatyna gatnaşdy we “Wahat Al Karama” ýadygärlikler toplumyna, şeýle hem Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi.