Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistandaky önümçilik kärhanalarynyň maliýe meseleleriniň çözülmegi zerur

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistandaky önümçilik kärhanalarynyň maliýe meseleleriniň çözülmegi zerur
Mejlise Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda ýurduň maliýe we bank ulgamlarynyň ýerli önümçilik kärhanalarynyň talabalaýyk we kadaly işlemeginde ýüze çykýan kynçylyklary seljermeginiň we çalt netijeleri berýän çözgüdi tapmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyna üns jemlenip, oňa Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Dünýädäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky sorag ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýar. Tölegleri geçirmekde we milli pulumyzy erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilmegi, zerur çig malyň möhletinde üpjün edilmändigi üçin önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmezligi bilen ylalaşyp bolmaz” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda aýtdy.

Şeýle önümçilik kärhanalarynyň bardygyny bilýäris diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem ýurduň önümçilik kärhanalarynyň kadaly işlän ýagdaýynda, dürli önümleriň has köp öndüriljekdigini, tölenýän salgytlaryň möçberiniň artjakdygyny, şonuň netijesinde bolsa býujete gelip gowuşýan serişdeleriň hem köpeljekdigini belledi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354 million 590 müň manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli möçberi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022