Türkmenistan-BAE nebit däl söwda dolanyşygy 296% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-BAE nebit däl söwda dolanyşygy 296% ýokarlandy
BAE-niň Daşary söwda ministriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy gaýtadan dikeldilýän energiýa, awtoulag şaýlary, ýaýlym enjamlary we ösümlik ýaglary ýaly önümleriň söwdasy esasynda artdy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) arasyndaky nebit däl söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň dokuz aýynda 653 million ABŞ dollaryna ýetdi.Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 296 göterim ýokarlandy diýip, BAE-niň Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi öz “Twitter” sahypasynda habar berdi.

BAE-niň Daşary söwda ministriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy gaýtadan dikeldilýän energiýa, awtoulag şaýlary, ýaýlym enjamlary we ösümlik ýaglary ýaly önümleriň söwdasy esasynda artdy.

“Men Abu-Dabide iki ýurduň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitme maksatly geçirilen BAE-Türkmenistan işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetini garşy almaga örän şat boldum” diýip, BAE-niň Daşary söwda ministri belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahatyň dowamynda eden çykyşynda maslahatyň uly wekilçilikli düzümine BAE-niň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändiginiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalşylýandygynyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda elektrik energetikasy, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, dokma pudagy, ylmy köp talap edýän we innowasion önümçilikler, şähergurluşyk, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabr aralygynda BAE-ne amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022