Ykdysadyýetde ahlak düşünjesi

Taganmyrat Goçyýew
Ykdysadyýetde ahlak düşünjesi
Ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi onda zähmet çekýän işgärleriň ýokary ahlakly we iş başarnykly (işiniň ussady) bolmaklaryny talap edýär.

Ykdysadyýet we ahlak bir-birinden daş düşünjeler bolup görünseler-de, olar elmydama aýrylmaz gatnaşykdadyrlar. Bu gatnaşykda ykdysadyýet esasan adamyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkeziji bolsa, ahlak şahsyýetiň ruhy dünýäsine baglylykda onuň bu ugurda özüni alyp barmagynyň ýüze çykmasydyr. Ykdysadyýet maddy gymmatlyklary alamatlandyrsa, bu barlyklary döredýän işgäriň ahlagyndan ynsanyň edebini synlamak bolýar. Ahlak edebiniň ykdysadyýete täsiri oňynam, tersine, ýaramazam bolup biler. Başgaça aýdylanda, ýokary ahlakly işgär ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, ahlagy pes işgär bolsa, onuň gowşamagyna, yza galmagyna sebäp bolup biler.

Umuman, ykdysadyýetiň ýagdaýy köp derejede her bir adamyň özüni ýokary ahlakly şahsyýet hökmünde alyp barmagyna bagly. Ykdysady ösüşleri, onuň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, şeýle hem adamlaryň mynasyp durmuşda ýaşamaklaryny diňe kämil ahlakly işgärlerden ybarat jemgyýet üpjün edip bilýär.

Ykdysady gatnaşyklaryň ahlak üpjünçiligi

Ykdysadyýetiň dowamly ösdürilmegi bilen jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygy gazanylýar. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli derejedäki kärhanalaryň öňünde durýan maksatnamalaryň we meýilnamalaryň bellenilen möhletlerde talabalaýyk amal edilmegi, ýurduň ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň görkezijisi hem-de kepili bolup durýar. Şeýle netijelere ýetilmegi  köp halatda kärhanada işleýän adamlara, olaryň ahlak kämilligine gönüden-göni baglydyr. Işgärler ýalta, iş etmegiň ýerine bahana agtarýan, kişiň emlägine göz gyzdyrýan, wezipä kowalaşýan we başga-da birgiden ýaramaz häsiýetlere eýe bolanlarynda, onda önümçilik maksatnamalary we meýilnamalary wagtynda ýerine ýetirilmeýär, işiň hili-de pes bolýar.

Ykdysadyýetiň esasy ahlak ýörelgeleri:

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, önümçilik ahlagynyň baş ýörelgelerini kesgitlemek juda zerur bolup durýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň esasy ahlak ýörelgeleri hökmünde şulary görkezmek bolar:

- kärhananyň emlägine (maddy gymmatlyklaryna, tehnikalaryna, enjamlaryna, pul serişdelerine we beýleki zatlaryna) aýawly garamak, olaryň ýitgisine we zaýalanmagyna ýol bermezlik;

- tebigy baýlyklardan we kärhananyň emläklerinden tygşytly hem-de rejeli peýdalanmak;

- kärhananyň, döwletiň, jemgyýetiň bähbitlerine zyýan ýetirýän we ters gelýän hereketlerden saklanmak hem-de olaryň garşysyna göreşmek;

- döwletiň we jemgyýetiň öňündäki ahlak borçlaryňa we jogapkärçiligiňe düşünip, hemişe ahlak-hukuk kadalarynyň çäginde adalatly hereket etmek;

- jemgyýetçilik, ýagny köpçüligiň bähbidini hemişe ileri tutmak;

- diňe halal ýollar bilen baýamak;

- şükürli we sabyrly bolup işlemek hem ýaşamak;

- göriplikdir bahyllyk etmezlik;

- haýyr-sahawat çärelerini yzygiderli geçirip durmak;

- önümçilikde wezipe borçlaryňy arassa-halal ýerine ýetirmek;

- iş ýerinde zähmet düzgün-nyzam kadalaryny talabalaýyk berjaý etmek;

- önümçilik bäsdeşligini oňlanylýan we goldanylýan çäklerde we usullar bilen alyp barmak we beýlekiler.

Işgäriň ahlagynyň we iş başarnygynyň sazlaşygy

Ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi onda zähmet çekýän işgärleriň ýokary ahlakly we iş başarnykly (işiniň ussady) bolmaklaryny talap edýär. Bu iki düşünjäniň gatnaşygynda möhüm ähmiýet işgäriň ahlagyna degişli edilýär. Işgäriň ahlagy we iş başarnygy dört görnüşde ýüze çykyp bilýär:

- işgäriň ahlagy pes, ýöne iş başarnygy ýokary;

- işgäriň ahlagam, iş başarnygam pes;

- işgäriň ahlagy ýokary, ýöne iş başarnygy pes;

- işgäriň ahlagam,  iş başarnygam ýokary.

Tejribeden görnüşi ýaly, ahlaksyz işgäriň iş başarnygynyň hem pes bolmagy önümçilik üçin bähbitlidir, çünki şeýle işgäre, adatça, jogapkär wezipeler ynanylmaýar, aýratyn tabşyryklar hem berilmeýär.

Şu gysgajyk seljermeden görnüşi ýaly, jemgyýetiň ahlagynyň kämillik derejesi onuň ykdysady kuwwatynyň, syýasy durnuklylygynyň, adamlaryň durmuş hal-ýagdaýynyň, şeýle hem beýleki ugurlardaky özgertmeleriň netijeliliginiň görkezijisi bolup çykyş edýär.

Beýan edilen pikirleri jemlänimizde, ykdysadyýeti talabalaýyk guramak köp derejede onuň hukuk üpjünçiligine, olaryň ikisiniň-de netijeli işlemekleri bolsa, işgäriň ahlagyna baglydygyny aýdyň görmek bolýar.

Häzirki döwürde ahlagyň ykdysadyýete täsirini içgin öwrenmek wajyp wezipesi bolup durýar. Ykdysadyýetiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, oňa ahlakly garaýyş gerek.

Taganmyrat Goçyýew,

Hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022