Russiýa geljek ýyldan mineral dökünleri üçin eksport pajyny girizer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa geljek ýyldan mineral dökünleri üçin eksport pajyny girizer
Bu eksport pajy 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

Russiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap mineral dökünlere 23,5 göterim eksport pajyny girizer. Bu paç Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň gümrük çäginden daşary eksport ediljek mineral dökünleriň tonnasynyň bahasy 450 ABŞ dollaryndan ýokary bolsa tölener.

Bu barada Russiýanyň kanun maglumatlary boýunça resmi internet portalynda şenbe güni neşir edilen rus hökümetiň Kararynda aýdylýar.

Resminama laýyklykda, eger eksport edilýän mineral dökünleriniň bir tonnasynyň bahasy 450 ABŞ dollaryndan geçmese degişli gümrük pajy tölenmeýär.

Bu eksport pajy 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Gümrük paç mineral dökünleriň ähli görnüşlerine (azot, fosfor we kaliý dökünlerine) degişlidir.

Russiýa kaliý, fosfor we azot dökünleriniň esasy öndürijisidir. Ol ýylda 50 million tonnadan gowrak önüm öndürýär. Bu bolsa dünýä önümçiliginiň 13 göterimidir.

2022