FAO: noýabr aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: noýabr aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Galla önümleriniň dünýädäki bahasy oktýabr aýyndan 1,3 göterim arzanlady. (Surat: "Bloomberg")

Azyk önümleriniň global bahalary noýabr aýynda sekizinji aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 135,7 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks 2021-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 0,3 göterim ýokarlandy.

Galla önümleriniň dünýädäki bahasy oktýabr aýyndan 1,3 göterim arzanlady, emma geçen ýylky bahasy bilen deňeşdirilende 6,3 göterim ýokarlandy. Dünýädäki bugdaýyň we mekgejöweniň bahalary noýabr aýynda 2,8 göterim we 1,7 göterim peseldi, tüwiniň bahasy bolsa 2,3 göterim artdy.

FAO-nyň ösümlik ýag görkezijisi noýabr aýynda 2,3 göterim ýokarlandy. Palma we soýa ýagynyň dünýä bahalary artdy. Emma raps we günebakar ýaglarynyň bahalary arzanlady.

Süýt we et önümleriniň bahalary noýabr aýynda peseldi. Şekeriň bahasy bolsa 5,2 göterim ýokarlandy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-nji ýylda 2 milliard 764 million tonna ýetmegine garaşýar. Bu bolsa 2021-nji ýyldaky çaklanylan önümçilik möçberinden 2 göterim pesdir.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022