Owadandepede kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin hususy kärhana işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owadandepede kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin hususy kärhana işe girizildi
Telekeçi ýakyn ýyllarda “Tokaýçy” söwda belgisi bilen söwda nokatlaryna bu azyk önümini iri iberiji bolmagy göz öňünde tutýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde şampinýonlar maşgalasyndan bolan telpeginiň aşagy kirpikli kömelek ýetişdirmek üçin niýetlenen iri kärhana gurlup ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Kärhananyň başlygy, telekeçi Babasadyk Çüriýew şampinýon kömeleklerini öndürmekde dünýäde öňdebaryjy “Sylvan” golland kompaniýasyndan miseliý tohumyny satyn aldy we onuň netijesinde kärhanada uly telpekli A15 görnüşli ak şampinýonlaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Telekeçi eýýäm şu ýyl 600 tonna golaý hasyl almagy, ýakyn ýyllarda bolsa “Tokaýçy” söwda belgisi bilen söwda nokatlaryna bu azyk önümini iri iberiji bolmagy we ýylda 2,5 müň tonna kömelek ýetişdirmegi göz öňünde tutýar.

Kärhanada önüm çykarmak üçin bölünen 60 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýokumly garyndy taýýarlamak üçin ýörite mehanizmleriň 20-den gowragy – ýük ýükleýjiler, bunkerler, ýagyş ýagdyryjy enjamlar, kömelek ýetişdirilýän kameralar ýaly awtomatlaşdyrylan enjamlar işledilýär. Gollandiýaly haryt öndürijilerden satyn alnan tehnologiýa arkaly alty müň tonna çenli ýokumly garyndy taýýarlanylar, olardan iki müň tonnasy şahsy harajatlar üçin ulanylar.

Kärhanada ýetişdirilen kömelek önümleri modifisirlenen gaz gurşawly gaplara gaplanyp satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

2022