Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

BIZNES TURKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
“Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşenbe güni türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk etmeginde “Bechtel Corporation”, “Boeing”, “Nicklaus Companies”,”Climate Compass”, “Case New Holland”, “UGT Renewables”, ”John Deere”, “Medtronic plc”, “Oxbow”, “Palo Alto Networks”, “Smartmatic”, “Wiza”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürlik maslahatyň barşynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler dünýäniň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.

Myhmanlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, ýurduň halkynyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň bähbitlerine giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky haryt dolanyşygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtdylar we ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ABŞ-nyň “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň arasynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022