Azerbaýjan 614,15 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan 614,15 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi
Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty takmynan 76 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistandan 614,15 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty takmynan 76 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Azerbaýjan jemi 680,24 million kubmetr tebigy gazy import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50,5 göterim ýokarydyr. Tebigy gazyň importy 79 million 370 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende 4,6 esse artdy.

Umumy tebigy gazyň importynyň 90,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna, galan bölegi bolsa Eýranyň paýyna düşdi. Eýran Azerbaýjana umumy bahasy 2,5 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 66,9 million kubmetrden gowrak tebigy gazy iberdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Azerbaýjan diňe Eýrandan tebigy gazy import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artdyrylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022