“Saka” gaýtadan işlenýän çig maldan polietilen we propilen turbalaryny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Saka” gaýtadan işlenýän çig maldan polietilen we propilen turbalaryny öndürýär
Kärhananyň lagym suwlaryny başga ýana akdyrmaga niýetlenen önümleriniň 60 tonnadan gowragy gaýtadan işlenýän çig maldan ýasalýar.

“Saka” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik zawodynda gaýtadan işlenýän çig maldan dürli ýogynlykly polietilen we propilen turbalary öndürilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän bu kärhananyň önümçilik desgalary awtomatik enjamlar bilen üpjün edilen. Habarda bellenilişi ýaly, “Saka” kärhanasynyň önümçilik zawody her ýyl suw üpjünçiligi we lagym suwlary üçin niýetlenen diametri 16-dan 500 mm çenli bolan 350 tonnadan gowrak turba öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

Kärhananyň lagym suwlaryny başga ýana akdyrmaga niýetlenen önümleriniň 60 tonnadan gowragy gaýtadan işlenýän çig maldan ýasalýar. Şu maksat bilen “Saka” kärhanasy ilatdan propilen we polietilen turbalaryň galyndylaryny, plastik paketleri ýygnamagy ýola goýdy.

Mundan başga-da, kärhana kabel suwaryş turbalarynyň önümçiligini-de ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetiniň önümlerine ýurdumyzyň barha ösýän gurluşyk bazarynda isleg bildirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022