“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürdi
Geçen aýlaryň dowamynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça 6,75 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy sarp edijilerine iberdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň geçen on bir aýynda 11 milliard kubmetre golaý tebigy gaz gazylyp alyndy.

Şeýlelikde, “Lebapgazçykaryş” müdirligi tebigy gaz öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryny möhletinden iki aý öň üstünlikli berjaý etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Geçen aýlaryň dowamynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça 6,75 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy sarp edijilerine iberdi. Habarda bellenilişi ýaly, gazylyp alynýan gazyň esasy bölegi Türkmenistan ― Özbegistan ― Gazagystan ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa akdyrylýar.

Şeýle-de geçen ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 41 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022