“Begenç” hususy kärhanasy antifriz önümini Özbegistana eksport etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Begenç” hususy kärhanasy antifriz önümini Özbegistana eksport etmekçi
“Garjagaz”, “Atlantik” haryt nyşanlary bilen satuwa çykarylýan antifriz suwuklygy awtoulagdan başga-da, nebitgaz önümçiliginde hem ulanylýar.

“Begenç” hususy kärhanasy awtoulaglar üçin niýetlenen antifriz önümini eksport etmek üçin Özbegistanyň işewürleri bilen gepleşik geçirýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän “Begenç” hususy kärhanasy 2018-nji ýylda antifriz suwuklygynyň önümçiligine başlady. Antifriz suwuklygynyň önümçiliginde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly awtoulaglar üçin niýetlenen antifriz 1, 3, 5, 20 we 230 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. “Garjagaz”, “Atlantik” haryt nyşanlary bilen satuwa çykarylýan antifriz suwuklygy awtoulagdan başga-da, nebitgaz önümçiliginde hem ulanylýar.

“Begenç” hususy kärhanasy Hytaýyň, Eýranyň döwrebap enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylyp, kompaniýanyň her gün 150 tonna çenli önüm öndürmek mümkinçiligi bar.

Kärhananyň inžener-himik tehnology Şöhrat Begowyň gürrüň bermegine görä, bu kärhana antifriz suwuklygynyň önümçiliginden başga-da, “Ak guw” haryt nyşany bilen egin-eşik ýuwujy serişdeleri, agardyjy, zyýansyzlandyryjy, gap-gaç ýuwujy serişdeleri, suwuk sabyn we şampun öndürýär.

2022