Dünýäde konteýner ýük daşamalarynyň nyrhlary yzygiderli peselýär

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde konteýner ýük daşamalarynyň nyrhlary yzygiderli peselýär
2022-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna Drewry Dünýä konteýner indeksi konteýner ýük daşamalary nyrhlarynyň yzygiderli 40 hepde azalandygyny hasaba aldy.

Soňky birnäçe aýyň içinde konteýner ýük daşamalarynyň nyrhlary pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelýär. Birnäçe nyrh görkeziji indeksler 40 hepde boýunça yzygiderli peselip gelýär, ýöne bu peselmeler ýük daşaýjylar üçin ýitgini aňlatmaýar. (Konteýner ýük daşamalary pudagynyň 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginden bäri 400 milliard ABŞ dollaryndan hem köp girdeji gazanandygy hasaplanyldy. Bu görkeziji konteýner ýük daşamalary pudagynyň soňky 50 ýylda gazanan girdejisinden hem köpdir).

Esasy ýük daşayjy kompaniýalar dünýäde konteyner ýük daşamalary bazarynyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda kadalaşjakdygyny çaklasalar-da, pudak çaklamalardan has çalt depginde kadalaşyp başlady. Drewry Dünýä konteýner indeksine (WCI) görä, geçen hepde esasanam Aziýa-Demirgazyk Ýewropa ugry boýunça daşalýan ýük konteýnerleriniň nyrhlary has-da peseldi.

2022-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna Drewry Dünýä konteýner indeksi konteýner ýük daşamalary nyrhlarynyň yzygiderli 40 hepde azalandygyny hasaba aldy. Gämiler arkaly yük gatnawlarynyň nyrhlaryny seljerýän bu indeks, noýabr aýynyň soňky hepdesinde dünýäde 40 futluk konteýner ýük daşamalary nyrhlarynyň ortaça 2 404 ABŞ dollaryna barabar bolandygyny görkezýär, bu bolsa noýabr aýynyň üçünji hepdesi bilen deňeşdirilende 7 göterim pesdir. Drewry Dünýä konteýner indeksi 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabryndan 2022-nji ýylyň 1-nji dekabry aralygyna çenli döwürde dünýäde konteýner ýük daşamalary nyrhlarynyň 78 göterim peselendigini görkezýär.

Şol döwürde Drewry Şanhaý-Los Anjeles indeksi 84 göterim, Şanhaý-Nýu-York indeksi bolsa 73 göterim peseldi. Beýik Britanýanyň Drewry Dünýä ýük daşamalary indeksi Şanhaýdan Los Anjelese 40 futluk ýük konteýneri ibermegiň nyrhynyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda ortaça 11 197 ABŞ dollary bolandygyny, dekabr aýynyň birinji hepdesinde bolsa 2 039 ABŞ dollaryna çenli azalandygyny anyklady.

Drewry Dünýä ýük daşamalary indeksi şu ýylyň birinji ýarymynda konteýner ýük daşamalary nyrhlarynyň kem-kemden, awgust aýyndan bäri bolsa has çalt depginde pese gaçýandygyny görkezýär. Konteýner ýük daşamalarynyň nyrhlary 2021-nji ýylda rekord derejede ýokarlansa-da, ol bu ýyl ep-esli derjede peseldi. Muňa garamazdan, häzirki global görkeziji 2019-njy ýyldaky, ýagny pandemiýadan öňki görkezijiler bilen deňeşdirilende 61 göterim köpdir.

Halkara deňiz guramasy gämiler arkaly Şanhaý-Los Anjeles hem-de Şanhaý-Nýu-York ugurlarynda hereket edýän konteyner daşamalary nyrhlarynyň peselmegini islegiň azalmagy, köp sanly döwrebap we iri gämileriň işe girizilmegi bilen baglanşyklydygyny habar berdi.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022