Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energetika ulgamyna degişli ylalaşyklara gol çekerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energetika ulgamyna degişli ylalaşyklara gol çekerler
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda 14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammitiň dowamynda strategik energetika ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjek birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç ýurduň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça sişenbe güni habar berdi.

Ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu duşuşyga gatnaşyjylar köpugurly hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meselelerine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna we täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ozal Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçiriljek üçtaraplaýyn mejlis Merkezi Aziýadan Ýewropa energiýa serişdelerini ugratmak boýunça geçelge döretmek üçin esasy meýdança boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyndan başga-da, geçiriljek sammite taýýarlyk görmek üçin üç ýurduň DIM-niň we ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri hem geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022