Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammiti çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda dar düzümli duşuşyk geçirildi. Soňra bolsa duşuşyk üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň dowamynda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygy ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary has-da berkitjekdigini aýtdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sammitiň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda ulag we energetika geçelgeler ulgamyny emele getirmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmäge ýardam berjekdigini belledi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz gezeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ýurtlaryň strategiki mümkinçilikleri esasynda berkidiljekdigine ynam bildirdi.
“Anadolu” agentliginiň habar bermegine görä, Türkiýäniň Prezidenti energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyna üns çekip, türkmen tebigy gazynyň günbatar bazaryna ibermäge wagtyň gelendigini aýtdy.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Hazar deňizindäki “Dostluk” ýatagyny özleşdirmek boýunça Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan Ankaranyň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen Türkiýäni elektrik energiýasy bilen üpjün etmek meselesini maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew öz çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.
Prezident Ilham Aliýewiň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkiýänyň arasyndaky söwda dolanyşygy 45 göterim ýokarlanyp, 5 milliard ABŞ dollaryna ýetdi we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy bolsa 5 esse ýokarlandy.
Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekildi.