Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gatnaşyklary ösdürmek boýunça resminamalara gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gatnaşyklary ösdürmek boýunça resminamalara gol çekdiler
Duşuşykdan soňra, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda birnäçe resminamalara gol çekildi. (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň jemleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň dar düzümdäki gepleşiklerden soňra, üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, şeýle hem üç ýurduň ministrlikleriniň hem-de bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama we birnäçe resminamalara gol çekildi. Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:

  • Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  • 2023-2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama;
  • Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitine taýýarlyk görmek üçin üç ýurduň DIM-niň, energetika we ulag ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.

2022