Lebaply telekeçileriň öndüren önümleriniň eksporty $9,6 milliondan geçdi

BIZNES TURKMENISTAN
Lebaply telekeçileriň öndüren önümleriniň eksporty $9,6 milliondan geçdi
“Mizemez gadam” kärhanasy şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri 3 million ABŞ dollaryna deň bolan senagat harytlaryny eksport etdi.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 million 612 müň 359 ABŞ dollaryna barabar bolan önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artmagyna “Altyn saraý”, “Döwrebap çözgüt”, “Altyn bürgüt” we “Mizemez gadam” ýaly hususy kärhanalar öz goşantlaryny goşýarlar.

“Mizemez gadam” kärhanasy şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri 3 million ABŞ dollaryna deň bolan senagat harytlaryny eksport etdi. “Altyn saraý” hojalyk jemgyýeti bolsa 392 müň 995 ABŞ dollaryna barabar bolan önümlerini daşary ýurtlara iberdi.

Şeýle hem häzirki wagtda Lebap welaýatynda 16 sany hysusy kärhana öndüren önümlerini daşary ýurtlara iberýär we eksportyň möçberini artdyrmak üçin bu ugurda degişli gepleşikleri alyp barýarlar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertleriň döredilmegi eksport gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

2022