“Geljege miras” hususy kärhanasy sentýabr aýynda ýeňil we ýük awtoulaglara niýetlenen çalgy ýaglaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu kärhanada çalgy ýaglarynyň (motor we gidrawliki) dürli görnüşleri öndürilip, olar “GM OIL” haryt nyşany bilen 1, 5, 20 we 200 litrlik gaplara gaplanylýar.
Mundan başga-da “Geljege miras” kärhanasy 2019-njy ýyldan bäri “GM PLAST” haryt nyşany bilen dürli ölçegdäki haltalary, uly göwrümdäki ganarlary we gündelik durmuşda ulanylýan plastik önümleriň dürli görnüşlerini öndürýär. Kärhana önüm öndürmekde ýerli çig maldan peýdalanýar.
Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Geljege miras” kärhanasynda öndürilýän dürli ölçegdäki haltalaryň we uly göwrümdäki ganarlaryň ýyllyk kuwwatlylygy 2 müň tonna barabar bolup, bu ýerde 300-e golaý hünärmen zähmet çekýär.
“GM PLAST” haryt nyşany bilen öndürilýän önümler Russiýa, Gazagystana, Türkiýä, Belarus Respublikalaryna , Moldowa eksport edilýär. “Geljege miras” hususy kärhanasy geljekde hem eksportyň möçberini artdyrmagy maksat edinýär.