Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar
Bu ylalaşyk Azerbaýjandan Rumyniýa çenli 1100 kilometre uzaýan, 1000 megawat bolan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny öz içine alýar.

Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň Liderleri şenbe güni Buharestde azerbaýjan elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak elektrik geçirijisini gurmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Gara deňziň aşagyndan geçjek elektrik geçiriji Hazar deňzinde meýilleşdirilýän ýel elektrik stansiýalaryň energiýasyny daşar. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň, Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Iohannisiň, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen gol çekmek dabarasyna Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem gatnaşdy.

Bu ylalaşyk Azerbaýjandan Rumyniýa çenli 1100 kilometre uzaýan, 1000 megawat bolan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny öz içine alýar.

Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Szijjar Ýewropa Komissiýasynyň dünýäde iň uzyn elektrik geçirijisiniň gurluşygyna ýardam bermek üçin 2,3 milliard ýewro (2,4 milliard ABŞ dollary) bölüp berendigini we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde turbinalary gurmak boýunça maýadarlary çagyrýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Wengriýanyň Daşary işler ministri elektrik geçiriji taslamasy boýunça tehniki-ykdysady esaslandyryşyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny, soňra ony gurmak üçin üç-dört ýylyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Gara deňziň aşagyndan geçjek elektrik geçirijisiniň Gruziýany elektrik merkezine öwürip, ony ÝB-niň içerki energiýa bazaryna goşup biljekdigini belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýtmagyna görä, Azerbaýjan häzirki wagtda 27 gigawat ýel we gün energiýasyny öndürýär we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bu kuwwaty ýene 4 gigawat artdyrmak üçin taslamalary taýýarlaýar. Bu barada “Euronews” täzelikler teleýaýlymy habar berýär.

Şeýle-de gol çekilen Ylalaşyk täze energiýa tehnologiýalary, wodorod önümçiligi we üstaşyr energiýa infrastrukturasy ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022