Türkmenistanda telekeçiniň borçlary nämelerden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçiniň borçlary nämelerden ybarat?
Telekeçi hakyna durup işleýän adamlara döwletiň bellän iň pes möçberinden az bolmadyk derejede hak tölemäge borçludyr.

“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynynyň 7-nji maddasyna laýyklykda telekeçi aşakdakylara borçludyr:

  • hakyna durup işleýän adamlara döwletiň bellän iň pes möçberinden az bolmadyk derejede hak tölemäge;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyna durup işleýän adamlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;
  • kärhananyn maliýe ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, hakyna tutulan ähli işgärler bilen doly hasaplaşyk geçirmäge;
  • ulanylyp gelinýän düzgünleri we kadalary peýdalanyp, ekologiýa howpsuzlygyny, zähmeti goramagy, howpsuzlyk tehnikasyny, önümçilik gigienasyny we sanitariýasyny üpjün etmäge;
  • alyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmäge, öndürilýän harytlaryň (ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň) hiliniň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmäge;
  • Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin ygtyýarnama talap edilýän işleriň aýry-aýry görnüşleri üçin ygtyýarnamalary almaga;
  • döwlet statistika edaralaryna we salgyt edarasyna zerur maglumaty bellenen tertipde öz wagtynda bermäge;
  • algydarlaryň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkün bolmadyk mahalynda kärhananyň batyp galanlygyny aýtmaga. 

Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022