Dünýäde dökün bahalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýar

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde dökün bahalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýar
Dünýäde tebigy gaz ulanlyp, her ýylda 170 million tonnadan gowrak ammiak döküni öndürilýär.

Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbeýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň esasy gün tertibi Ýewropa energiýa serişdelerini ibermek meselesi boldy. Bu meseläniň diňe bir tebigy gazyň geçirilmegini we onuň ýyladyşda ýa-da zawodlarda ulanylmagyny öz içine almaýandygyny bellemelidiris. Bu ugurda ýene bir möhüm mesele tebigy gazyň oba hojalygy üçin ähmiýeti bolup durýar. Bu meseläniň geljekde Ýewropanyň esasy gün tertibiniň biri bolmagyna garaşylýar.

Ähli janly-jandarlaryň we ösümlikleriň ösmekleri üçin birnäçe elementler gerek bolup durýar. Bu elementleriň iň esasysy beloklary, şol anda dokumalary emele getirýän azotdyr. Howanyň esasy düzümi azot bolsa-da, şol bir wagtyň özünde oba hojalygy pudagy azotdan we wodoroddan öndürilen ammiak ýaly has reaktiw birleşmelere mätäçlik duýýar.

Tebigy dökünlerde hem oba hojalygy üçin zerur elementler bardyr. Emma oba hojalygy üçin diňe tebigy dökünlere bil baglan ýagdaýymyzda, bu takmynan 4 milliard ilat üçin ýeterlik bolardy.

Dünýäde tebigy gaz ulanlyp, her ýylda 170 million tonnadan gowrak ammiak döküni öndürilýär. Tebigy gazyň deňiz ýoly bilen aňsat iberilip bolmaýanlygy sebäpli, Ýewropa bazarynda tebigy gazyň bahasy ABŞ bazaryndaky tebigy gazyň bahasyndan birnäçe esse ýokarydyr. Dökünleriň esasy çig maly hökmünde tebigy gaz olaryň bahalarynyň dörtden üç bölegini emele getirýär, şonuň üçin Ýewropadaky dökün zawodlary önümçiliklerini azaltdylar ýa-da düýbünden bes etdiler. Şeýlelik bilen Demirgazyk Amerikadaky zawodlar bazary dökün bilen üpjün etdiler. Şeýle hem Ýewropada tebigy gaz üpjünçiligi bilen baglanşykly meseleleriň ýakyn wagtda çözülmegine garaşylmaýar.

Öndürilýän dürli azot dökünleriniň bahalary 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri 168 göterim ýokarlandy. ABŞ-nyň dökün öndüriji “CF Industries Holdings” kompaniýasy Ýewropadaky önümçiliginiň belli bir bölegini togtatmagyna garamazdan, bu ýyl girdejisini 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 158 göterim artdyrdy. Şol döwürde her paýnamadan alnan girdeji dokuz esse töweregi ýokarlanyp, 118 ABŞ dollaryna çenli ýetdi.

Geçen ýyl gurakçylyk we dökün üpjünçiligindäki ýetmezçilikler sebäpli galla önümçiligi hem azaldy. Galla önümçiliginiň azalmagy mekgejöwen, bugdaý ýaly önümleriň bahalaryny ýokarlandyrdy. Hünärmenler önümçiligi köpeltmek üçin şu ýyl daýhanlara has köp dökün gerek boljakdygyny we şunuň bilen baglylykda dökün bahalarynyň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Dökünlere bolan isleg möwsümleýin bolup, ol ýylyň ahyrynda has-da artýar. “Union de Banques Suisses” (UBS) kompaniýasynyň hünärmeni Joşua Spektor öňümizdäki üç hem-de alty aýyň içinde dökün bahalarynyň has hem ýokarlanmagyna garaşýar. Ol şol döwürde “CF Industries” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 25 göterim,”LSB Industries” (LXU) kompaniýasynyň paýnamalarynyň 27 göterim we Kanadanyň “Nutrien” (NTR) kompaniýasynyň paýnamalarynyň 20 göterim girdeji gazandyrjakdygyny çaklaýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022