“Guwlyduz” kärhanasynda 88 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

BIZNES TURKMENISTAN
“Guwlyduz” kärhanasynda 88 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy
Hasabat döwründe kärhana bu önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyrygy 158 göterimden geçirip ýerine ýetirdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kärhanasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 88 müň tonnadan geçdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, bellenilen meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem “Guwlyduz” kärhanasynyň çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçdi. Bu kärhananyň taýýarlan nahar duzy dünýäde dördünji, sebitde ilkinji bolup ýodlaşdyrmagy üstünlikli ýola goýan düzümdir.

Habarda belenilişi ýaly, hasabat döwründe kärhana bu önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyrygy 158 göterimden geçirip ýerine ýetirdi.

Ylmy maglumatlara görä, uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi bäş kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi üç kilometre çenli uzalyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär.

“Guwlyduz” kärhanasynyň taýýarlaýan tehniki duzlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmakda we başgada birnäçe ugurlarda giňden peýdalanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022