Türkmenistanda telekeçiniň hukuklary nämelerden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçiniň hukuklary nämelerden ybarat?
Telekeçiniň öz emlägi bilen hojalyk ýöredýän beýleki subýektleriň işine gatnaşmaga hukugy bardyr.

“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda telekeçi aşakdakylara hukuklary bardyr:

  • öz işini amala aşyrmak üçin kärhanalaryň islendik görnüşlerini döretmäge;
  • kärhanalaryň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, şolaryň emlägini, gaýry emlägi, emläk we emläk däl hukuklary doly ýa-da kem - käsleýin edinmäge - satyn almaga;
  • öz emlägi bilen hojalyk ýöredýän beýleki subýektleriň işine gatnaşmaga;
  • taraplaryň ylalaşmagy bilen fiziki we ýuridik şahslaryň emlägini peýdalanmaga;
  • şertnama şertlerinde we kanunda bellenen beýleki şertlerde işgärleri hakyna tutmaga hem-de işden boşatmaga;
  • hakyna durup işleýän adamlaryň zähmetine hak tölemegiň görnüşlerini, ulgamlaryny we möçberini hem-de olaryň girdejileriniň beýleki görnüşlerini özbaşdak bellemäge;
  • hojalyk işiniň maksatnamasyny özbaşdak düzmäge, özüne önüm iberijileri we öz önümini (işlerini, hyzmatlaryny) alyjylary saýlap almaga, oňa (olara) Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de baglaşylan şertnamalara laýyklykda nyrhlary we tarifleri bellemäge;
  • banklarda hasaplar açmaga, pul amallaryny we beýleki amallary amala aşyrmaga;
  • öz işinde möhüri, möhürçäni, resmi kagyzlary, nyşanyny, haryt nyşanyny peýdalanmaga;
  • öz elinde galan düşewünde (girdejä) erkin erk etmäge. Telekeçilik işi şertnama esasynda amala aşyrylanda gazanylan peýdany paýlamagyň tertibi şertnamada kesgitlenilýär;
  • girdejini islendik, çäklendirilmedik möçberlerde almaga;
  • döwlet ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndan peýdalanmaga;
  • döwlet edaralarynyň hem-de beýleki edaralaryň özüniň hukuklaryny ýa-da kanuny bähbitlerini kemsidýän hereketleri barada bellenen tertipde şikaýat etmäge;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklara gatnaşyjy bolup çykyş etmäge.
     

Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny
 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022