“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda telekeçi aşakdakylara hukuklary bardyr:
- öz işini amala aşyrmak üçin kärhanalaryň islendik görnüşlerini döretmäge;
- kärhanalaryň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, şolaryň emlägini, gaýry emlägi, emläk we emläk däl hukuklary doly ýa-da kem - käsleýin edinmäge - satyn almaga;
- öz emlägi bilen hojalyk ýöredýän beýleki subýektleriň işine gatnaşmaga;
- taraplaryň ylalaşmagy bilen fiziki we ýuridik şahslaryň emlägini peýdalanmaga;
- şertnama şertlerinde we kanunda bellenen beýleki şertlerde işgärleri hakyna tutmaga hem-de işden boşatmaga;
- hakyna durup işleýän adamlaryň zähmetine hak tölemegiň görnüşlerini, ulgamlaryny we möçberini hem-de olaryň girdejileriniň beýleki görnüşlerini özbaşdak bellemäge;
- hojalyk işiniň maksatnamasyny özbaşdak düzmäge, özüne önüm iberijileri we öz önümini (işlerini, hyzmatlaryny) alyjylary saýlap almaga, oňa (olara) Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de baglaşylan şertnamalara laýyklykda nyrhlary we tarifleri bellemäge;
- banklarda hasaplar açmaga, pul amallaryny we beýleki amallary amala aşyrmaga;
- öz işinde möhüri, möhürçäni, resmi kagyzlary, nyşanyny, haryt nyşanyny peýdalanmaga;
- öz elinde galan düşewünde (girdejä) erkin erk etmäge. Telekeçilik işi şertnama esasynda amala aşyrylanda gazanylan peýdany paýlamagyň tertibi şertnamada kesgitlenilýär;
- girdejini islendik, çäklendirilmedik möçberlerde almaga;
- döwlet ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndan peýdalanmaga;
- döwlet edaralarynyň hem-de beýleki edaralaryň özüniň hukuklaryny ýa-da kanuny bähbitlerini kemsidýän hereketleri barada bellenen tertipde şikaýat etmäge;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklara gatnaşyjy bolup çykyş etmäge.
Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny