Hytaýda COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi nebitiň bahalaryny ýokarlandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýda COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi nebitiň bahalaryny ýokarlandyrýar
Nebitiň “Brent” görnüşiniň noýabr aýy üçin şertnamalarynyň bahalary 0,09 ABŞ dollary ýa-da 0,1 göterim ýokarlanyp, onuň bir barreliniň bahasy 84,42 ABŞ dollaryna deň boldy.

Hytaýda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi sebäpli dünýäde nebitiň bahalary ýokarlanýar. Bu barada “Reuters” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Muňa garamazdan, ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagy bilen bagly çaklamalar we bu ýurtda aşa doňaklyk sebäpli öz işlerini wagtlaýyn togtadan käbir energiýa kärhanalaryň önümçiliklerini gaýtadan dikeltmekleri dünýäde nebit bahalarynyň has hem ýokarlanmagynyň öňüni alýar.

Nebitiň “Brent” görnüşiniň noýabr aýy üçin şertnamalarynyň bahalary 0,09 ABŞ dollary ýa-da 0,1 göterim ýokarlanyp, onuň bir barreliniň bahasy 84,42 ABŞ dollaryna deň boldy. WTI görnüşiniň şertnamalarynyň bahasy bolsa 0,10 ABŞ dollary ýa-da 0.1 göterim ýokarlanyp, onuň bir barreli 79,63 ABŞ dollaryna barabar boldy. Nebit bazaryndaky oňyn ýagdaýlar sebäpli bu çig malyň bahasy sişenbe günündäki söwdalarda geçen üç hepdäniň iň ýokary derejesine çykdy.

Birža söwdalaryna gatnaşyjylar dünýäde ikinji iri nebit import ediji bolan Hytaýda ýangyja bolan islegiň artjakdygyny çaklaýarlar. Bu ýurtda COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň geljek aýlarda has-da ýeňilleşdirilmegine garaşylýar.

Aşa doňaklyk sebäpli işlerini bes eden ABŞ-daky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar sişenbe güni önümçiliklerini täzeden dikeltmek üçin degişli işleri alyp barýarlar. Käbir ýagdaýlarda bu dikeldiş işleriň ýanwar aýyna çenli dowam etjekdigi çaklanylýar. Howanyň temperaturasynyň ep-esli aşak düşmegine sebäp bolan aýazly howa şertleri ABŞ-nyň Demirgazyk Dakota we Tehas ştatlaryndaky ýataklarda nebit we gaz önümçiligini hem pese düşürdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022