Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini Italiýa, Fransiýa, Niderlandlara eksport edip başlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini Italiýa, Fransiýa, Niderlandlara eksport edip başlady
Düýe ýüňünden dokalýan önümler ynsan saglygy üçin peýdalylygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi zenan Şasenem Garlyýewa “Iner düýe ýüňi” brendi bilen tanalýan düýe ýüňünden taýýarlanan önümlerini Italiýa, Fransiýa, Niderlandlar Patyşalygyna eksport edip başlady. Bu barada Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy duşenbe güni habar berdi.

Telekeçiniň Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, täze açylan art studiýasynda düýe ýüňünden dokalýan el işleriniň üýtgeşik görnüşleri bilen tanyşmak we olary satyn almak mümkin.

Şasenem Garlyýewa art studiýasynda düýe ýüňünden saçaklary, bilguşaklary, örtgüleri, ýorganlary, ýassyk daşlaryny taýýarlap, ýörite buýurmalar esasynda ilata ýetirýär. Düýe ýüňünden dokalýan bu önümler ynsan saglygy üçin peýdalylygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Bellenilişi ýaly, Şasenem Garlyýewa önümçiligini 2018-nji ýylda ýola goýdy we bu ýerde gyz-gelinleriň onlarçasy zähmet çekýär. Düýe ýüňünden taýýarlanan el işleri köp görnüşliligi, syky dokalanlygy bilen müşderileri özüne çekýär. Bu önümlere diňe içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, halkara bazarda hem alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär.

2022