Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça geljek ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça geljek ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar
Halkara fider gatnawlary yzygiderli gämi konteýner ugurlarynda umumy ýükleri netijeli daşamaklyga mümkinçilik berýär.

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap fider gatnawlaryny ösdürmek üçin Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gämisiniň konteýner gatnawlaryny ýola goýar.

Halkara fider gatnawlary yzygiderli gämi konteýner ugurlarynda umumy ýükleri netijeli daşamaklyga mümkinçilik berýär. Fider gatnawlar ulgamyny ýola goýmaklygyň esasy maksady gämi duralgalarynda garaşmaklyk möhletini aýyrmak we gysga möhletiň dowamynda ýükleri daşamaga mümkinçilik bermek bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň resmi sahypasynda çarşenbe güni habar berildi.

“Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasy” ÝGPJ, “Baku Halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ we “ADY Container Georgia LLC” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyklaryň esasynda bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini goldamak we ýurtlaryň arasynda fider gatnawlaryny ýokarlandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Bu jemgyýetler we kompaniýalar deňiz fider gatnawyny ýokarlandyrmakda we halkara deňiz fider gatnawlar pudagynda işleri utgaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy.

Türkmenistandan üstaşyr geçirilýän konteýnerler üçin nyrhnamalar:

  • 20 futlyk konteýner – 200 ABŞ dollarynda
  • 40 futlyk konteýner – 250 ABŞ dollarynda
  • 45 futlyk konteýner – 300 ABŞ dollarynda

Türkmenistandan eksport/import edilýän konteýnerler üçin nyrhnamalar:

  • 20 futlyk konteýner – 300 ABŞ dollarynda
  • 40 futlyk konteýner – 350 ABŞ dollarynda
  • 45 futlyk konteýner – 400 ABŞ dollarynda
2022