"Türkmen Galkan" 2023-nji ýyldan başlap önümçilik kuwwatyny artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Türkmen Galkan" 2023-nji ýyldan başlap önümçilik kuwwatyny artdyrar
Et we şöhlat önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanada her gün 500 kilogram önüm öndürilýär.

"Türkmen Galkan" hususy kärhanasy 2023-nji ýylyň başyndan täze önüm bolan "Ezber" gaýnadylan şöhlatyny öndürmek arkaly önümçilik kuwwatyny artdyrar. Bu barada “Rysgal gazeti” ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu önüm 500 gramlyk gaplara gaplanylyp, halkymyza hödürlener.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda ýerleşýän bu kärhana Russiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Et we şöhlat önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanada her gün 500 kilogram önüm öndürilýär.

"Türkmen Galkan" hususy kärhanasyna degişli maldarçylyk hojalygy bolup, onda iri we ownuk şahly mallaryň onlarçasy idedilýär. "Galkan" haryt nyşany bilen öndürilýän et we şöhlat önümleri  wakuum astynda gaplanylýar.

Mundan başga-da, et we şöhlat önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanada "Nowça" ýarym kakadylan şöhlat, kakadylan şöhlat, sygyr etinden gowurdak, hindi guşunyň etinden kaklama, guzynyň garnyna dykylan gowurdak, kakadylan guýruk ýagy, "Altyn çeşme" büzmeçesi, bagyr gowurdak ýaly önümler öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022