Hytaý bilen Eýranyň Çabahar portunyň arasynda göni gämi gatnawy döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý bilen Eýranyň Çabahar portunyň arasynda göni gämi gatnawy döredildi
Eýranyň günorta-gündogarynda we Oman aýlagynda ýerleşýän “Çabahar” porty ýurduň ýeke-täk çuň suw portydyr.

Hytaýdan ugran konteýner gämisi Hytaý bilen Eýranyň günorta-gündogar deňiz portunyň arasynda ilkinji göni gatnaw ugruny döredip, şenbe güni Eýranyň Çabahar portuna geldi. Bu barada Çabahar erkin zolak guramasynyň dolandyryjy müdiri Amir Mogaddamyň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi. 

Amir Mogaddam Hytaý gämileriniň ozal ýüklerini Eýranyň günortasyndaky Hormuzgan welaýatynyň paýtagty Bandar Abbasda düşürendigini, ýükleriniň bolsa kiçijik gämiler arkaly Sistan-Bulujystan welaýatynyň Çabahar şäherine daşalandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý bilen Çabaharyň arasyndaky göni ýük gatnaw ugrynyň döredilmegi bilen ýükler on gün ir ertilip,bir konteýneri ýüklemek we düşürmek bahasy  400 ABŞ dollara çenli arzanladylýar.

Eýranyň günorta-gündogarynda we Oman aýlagynda ýerleşýän “Çabahar” porty ýurduň ýeke-täk çuň suw porty bolup, “Şahid Kalantari” we “Şahid Beheşti” atly iki aýry portdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022