Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 490 million manatdan geçdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 14,6 % artdy. 2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 77 milliard 198 million manatdan geçdi.
2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 58 milliard 41 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 7,4% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 54 milliard 24 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 11 milliard 830 million manatdan geçdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 47% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 8 milliard 46 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 18 milliard 619 million manatdan geçdi,ýagny bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,1% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 15 milliard 129 million manada golaýlady.
2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 12 milliard 908,6 million manatdan geçdi.