“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda şularyň mahabatyna ýol berilmeýär:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öndürmäge we ýerlemäge gadagan edilen harytlara we hyzmatlara;
2) öndürmek we ýerlemek üçin ygtyýarnamalaryň ýa-da beýleki ýörite rugsatlaryň alynmagy talap edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň, şeýle rugsatlar bolmadyk mahalynda;
3) döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli bolan harytlaryň, eger-de şeýle bellige alynmagy bolmadyk mahalynda;
4) Türkmenistanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolan harytlaryň we hyzmatlaryň, eger-de şeýle laýyklyk sertifikaty bolmadyk mahalynda;
5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň; neşe ýa-da psihotrop maddalary saklaýan ösümlikleriň we onuň bölekleriniň;
6) temmäkiniň, temmäki önümleriniň we çilim üçin esbaplaryň, şol sanda müşdekleriň, suw çilimleriň, çilim kagyzynyň, çakmaklaryň;
7) alkogol içgileriniň, piwonyň we çakyr önümleriniň;
8) alkogol önümlerine, temmäkä we temmäki önümlerine islegiň we gyzyklanmanyň höweslendirilmegine gönükdirilen baýrakly oýunlaryň, lotereýalaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň;
9) göni ýa-da gytaklaýyn alkogol önümini, temmäkini ýa-da temmäki önümini mahabatlandyrýan, alkogol önümleriniň, temmäkiniň ýa-da temmäki önüminiň ady hökmünde belli bolan haryt nyşanlaryny ýa-da adynyň böleklerini peýdalanmak bilen harytlaryň we hyzmatlaryň;
10) temmäkiniň, temmäki önümleriniň ýa-da alkogolly içgileriň ady, haryt nyşany ýa-da şekili peýdalanylýan çäreleriň hemaýatkärlik edilmeginiň;
11) temmäkiniň, temmäki önümleriniň ýa-da alkogolly içgileriň adyny, haryt nyşanyny peýdalanmak bilen harytlaryň (futbolkalaryň, baş gaplaryň we başga harytlaryň);
12) adamyň synalaryna we (ýa-da) dokumalaryna bolan islegiň we (ýa-da) teklipleriň;
13) göwreliligi emeli ýol bilen aýyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň;
14) pornografik materiallaryň, çap önümleriniň, şekilleriň we gaýry pornografik häsiýetli serişdeleriň;
15) adam söwdasyna, jemgyýete garşy özüňi alyp barmaklyga mümkin bolan pidalaryň çekilmegine gönükdirilen;
16) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ene süýdüni çalşyjylaryň (çagalar üçin süýt garyndylarynyň), saglygy goraýyş ýa-da farmasewtik işgärler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ylmy çap neşirlerinde şeýle mahabatyň ýerleşdirilmegi muňa degişli däldir;
17) biologiki işjeň goşundylaryň;
18) energiýa beriji içgileriň;
19) gipnotizýorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, spiritleriň, astrologlaryň, jadygöýleriň, prorisatelleriň (gurrandazlaryň) we özlerini wakalary öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine, daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlarynyň (işleriniň), şeýle hem görkezilen işi öwretmek boýunça hyzmatlaryň;
20) jynsy häsiýetli, şol sanda psihologik kömek, gatnaşyk etmek, relaksasiýa, owkalamak, ýakymly wagt geçirmek ýaly hyzmatlaryň, beýleki kanuny işiň görnüşleriniň;
21) hak tölemek esasda raýatlaryň pul serişdelerini, elektron pul serişdelerini we gaýry emlägini çekmek boýunça Türkmenistanyň ýuridik şahslary ýa-da hususy telekeçiler hökmünde hasaba alynmadyk şahslaryň işleriniň;
22) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaba alynmadyk dini guramalaryň we dini okuw mekdepleriniň;
23) adaty kazinonyň, elektron kazinonyň we internet-kazinonyň;
24) pirotehnik önümleriň, partlaýjy maddalaryň we materiallaryň;
25) harby maksatly ýaragyň we önümleriň;
26) adamyň aňyna täsir edýän hereketleriň.
Çeşme: “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanuny